Antalýa 7 Aýda 6 Million 688 Müň Syýahatçy Geldi

Antalýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

1862196
Antalýa 7 Aýda 6 Million 688 Müň Syýahatçy Geldi

Antalýa 2022-nji ýylyň 7 aýlyk döwründe howa ýoly arkaly 6 million 688 müň syýahatçy geldi.

Welaýat häkimliginden berlen beýannama görä, koronawirus epidemiýasynyň täsiriniň azalmagyndan soň Antalýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde howa ýoly arkaly şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 97 göterim artyp 6 million 699 müň 506 adama ýetdi.

Iýul aýynda şähere howa ýoly arkaly 2 million 403 müň 992 syýahatçy geldi.

7 aýda Germaniýadan Antalýa gelen syýahatçylaryň sany artdy.

Germaniýa 1 million 363 müň 526 syýahatçy bilen sanawda birinji orny eýeledi.

Russiýa 1 million 275 müň 353 syýahatçy bilen ikinji, Britaniýa bolsa 617 müň 440 syýahatçy bilen üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar