Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy liderligini dowam etdirýär
C toparynda 3 duşuşykda 12 gol geçiren Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy, öz derwezesine bolsa pökgi geçirtmedi
Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy, UEFA Milletler ligasynyň C toparynyň çägindäki 3-nji duşuşygynda Lýuksemburgyň milli ýygyndysyndan 2-0 hasabynda üstün çykyp, toparyndaky liderligini dowam etdirdi.
Lýuksemburg stadionynda geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy 37-nji minutda penalti arkaly Hakan Çalhanoglynyň we 76-njy minutda Serdar Dursunyň gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy.
C toparynda 3 duşuşykda 12 gol geçiren Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy, öz derwezesine bolsa pökgi geçirtmedi.
Toparyndaky ilkinji duşuşygynda Farer adalaryny 4-0 hasabynda, 2-nji duşuşygynda Litwany 6-0 hasabynda ýeňen Türkiýäniň ýygyndysy, soňky duşuşyk bilen bolsa balyny 9-a ýetirdi.
Degişli Habarlar
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Antalýanyň Alanýa etrabyna bolsa ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.