Kappadokiýa gelýän syýahatçylaryň sany artýar

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni Miras Sanawyna Goşulan syýahatçylyk zolagy Kappadokiýa ýylyň ilkinji 5 aýynda 1 milliondan gowrak syýahatçy geldi

1838403
Kappadokiýa gelýän syýahatçylaryň sany artýar
kapadokya2.jpg
kapadokya1.jpg
kapadokya.jpg

Peribajalary, gaýa öýleri, jülgeleri, ýer asty ýaşaýyş ýerleri, gaýa manastyrlary we şar gezelençleri bilen ýakyndan tanalýan Kappadokiýa syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär. 

Syýahatçylyk zolagy Kappadokiýa şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 1 million 30 müň 491 syýahatçy geldi. 

Kappadokiýa ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe 2019-njy ýylda 1 million 134 müň 387 syýahatçy, 2020-nji ýylda 322 müň 894 syýahatçy, 2021-nji ýylda bolsa 333 müň 633 syýahatçy gelip görüpdi. 



Degişli Habarlar