5 Aýda Antalýa 2 Million 415 Müň Syýahatçy Geldi

Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 223 göterim artdy.

1837322
5 Aýda Antalýa 2 Million 415 Müň Syýahatçy Geldi

Antalýa üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe 2 million 415 müň 305 syýahatçy geldi.

Soňky 2 ýylda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli Antalýa gelen syýahatçylaryň sany azalypdy.

Geçen ýyl Antalýa jemi 9 million syýahatçy gelipdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, ýanwar aýynyň 1-i bilen maý aýynyň 31-i aralygynda şähere howa ýoly arkaly 2 million 415 müň 305 syýahatçy geldi.

Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 223 göterim artdy.

5 aýda Antalýa gelen syýahatçylaryň sanawynda Germaniýa 595 müň 837 syýahatçy bilen birinji orny eýeledi.

Russiýa 367 müň 749 syýahatçy bilen sanawda ikinji, Britaniýa 282 müň 92 syýahatçy bilen üçünji orny eýeledi.

Şähere iň köp syýahatçy ugradan ilkinji 10 ýurduň hatarynda Gollandiýa, Polşa, Ysraýyl, Gazagystan, Litwa, Eýran hem Daniýa ýer aldy.

 

 

 



Degişli Habarlar