Şu gün we ertir UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynda oýnajak toparlar mälim bolar

Şu gün we ertir UEFA Çempionlar ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň ýarym final tapgyrynda oýnajak toparlar mälim bolar

1810494
Şu gün we ertir UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynda oýnajak toparlar mälim bolar

Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň uly futbol çäresi bolan UEFA Çempionlar ligasynda şu gün we ertir möhüm duşuşyklar geçiriler. 

Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde ýarym final tapgyrynda oýnajak toparlar belli bolar. Ýarym final tapgyrynyň duşuşyklary 26-27-nji aprelde we 3-4-nji maýda geçiriler. 

Ählisi Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da başlajak çärýek final tapgyrynda oýnajak toparlar we wagtlary şu aşakdaky ýaly: 

Şu gün 12-nji aprel, sişenbe güni: 

Real Madrid (Ispaniýa) - Çelsi (Angliýa) (3-1)

Bawariýa Mýunhen (Germaniýa) - Wilýarreal (ispaniýa) (0-1)

Ertir, 13-nji aprel, çarşenbe güni: 

Liwerpul (Angliýa) - Benfika (Portugaliýa) (3-1)

Atletiko Madrid (Ispaniýa) - Mançester Siti (Angliýa) (0-1)



Degişli Habarlar