Daşary Ýurtly Syýahatçylar Jybyltepe Liža Merkezine Gelmäge Başlady

Jybyltepe liža merkezine, Eýrandan, Yrakdan we Azerbaýjandan ilkinji syýahatçylyk toparlary geldi.

1753021
Daşary Ýurtly Syýahatçylar Jybyltepe Liža Merkezine Gelmäge Başlady

Türkiýäniň esasy gyşky syýahatçylyk merkezlerinen biri biri bolan Kars welaýatynyň Sarykamyş etrabynda ýerleşýän Jybyltepe liža merkezine, Eýrandan, Yrakdan we Azerbaýjandan ilkinji syýahatçylyk toparlary geldi.

Jybyltepe, arça agaçlary, ak gary we uzyn liža meýdançalary bilen her ýyl ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary kabul edýär.

Hepdäniň ahyrynda täze liža möwsüminiň açylmagyndan soň Jybyltepä, daşary ýurtly syýahatçylar gelmäge başlady.

Eýrandan, Yrakdan we Azerbaýjandan gelen syýahatçylar güneşli howada ližada typdylar.

Liža merkezindäki myhmanhananyň müdüri Bora Kanber, žurnalistlere beren beýannamasynda, möwsümiň açylmagy bilen liža merkezine bolan talabyň artmaga başlandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar