9 Aýda Stambula 5 Million 829 Müň 920 Syýahatçy Geldi

Sentýabr aýynda Stambula Eýrandan 105 müň 958 syýahatçy geldi.

1727588
9 Aýda Stambula 5 Million 829 Müň 920 Syýahatçy Geldi

Stambul welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 9 aýda 5 million 829 müň 920 adama ýetdi.

Sentýabr aýynda bolsa Stambula 975 müň 916 syýahatçy geldi.

Sentýabr aýynda şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 111 göterim artdy.

Sentýabr aýynda Stambula Eýrandan 105 müň 958 syýahatçy geldi.

Şähere gelen syýahatçylaryň sanawynda 81 müň 615 syýahatçy bilen Russiýa ikinji, 79 müň 384 syýahatçy bilen Germaniýa üçünji, 53 müň 953 syýahatçy bilen Yrak dördünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar