Kuşadasynda Iki Kruiz Gämisi Bilen 570 Syýahatçy Geldi

2022-nji ýylda 900 müň syýahatçynyň kruiz gämileri bilen etraba gelmegine garaşylýar

1722279
Kuşadasynda Iki Kruiz Gämisi Bilen 570 Syýahatçy Geldi

Aýdynyň welaýatynyň Kuşadasy etrabyna biri Norwegiýanyň, beýlekisi Bahamanyň baýdagyny göterýän iki kruiz gämisi bilen 570 syýahatçy geldi.

Wiking Ský we Star Legend gämileri bilen gelen ýolagçylaryň bir bölegi Gadymy Efes şäherine, Bibi Merýemiň öýüne we Şirinje obasyna baryp gördi.

Ýolagçylaryň bir bölegi bolsa Kuşadasynyň bazaryndan sowgatlyk aldy.

Egeý portunyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Aziz Güngör 2022-nji ýylda 900 müň syýahatçynyň kruiz gämileri bilen etraba gelmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

 


Etiketkalar: #ýolagçy , #kruiz , #Kuşadasy

Degişli Habarlar