Halkara Olimpiada Komiteti Haýsydyr Bir Ýurda Basyş Etmeýär

Halkara Olimpiada komiteti olimpiada oýunlaryna ýer eýeçiligini edýän ýurtlaryň özygtyýarlygyna sarpa goýmaly

1719704
Halkara Olimpiada Komiteti Haýsydyr Bir Ýurda Basyş Etmeýär

Halkara Olimpiada komitetiniň başlygynyň orunbasary Koates, Hytaý bilen birlikde haýsydyr bir ýurda adam hukuklary meselesinde basyş edendikleri hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny aýtdy.

Koates, Awstraliýada beren beýannamasynda, Halkara Olimpiada komitetiniň dünýä hökümeti bolmandygyny we olimpiada oýunlaryna ýer eýeçiligini edýän ýurtlaryň özygtyýarlygyna sarpa goýmalydygyny aýtdy.

Koates “Gurama adam hukuklaryna uly ähmiýet berýär. Halkara Olimpiada komitetiniň esasy wezipesi milli olimpiada komitetlerinde ýada olimpiada oýunlarynda adam hukuklarynyň basgylanmagyna gözegçilik etmekden ybarat. Haýsydyr bir ýurda gidip olara näme etjekdiklerini aýtmak üçin ygtyýarymyz ýok we bu biziň wezipämiz däl” diýdi.

Hytaýyň paýtagty Pekin, 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 4-20-i aralygynda gyşky olimpiada oýunlaryna ýer eýeçiligini eder.



Degişli Habarlar