Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 5 Milliondan Geçdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň degişli çäreleri görmeginden soň Antalýa gelýän syýahatçylaryň sany artýar.

1698916
Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 5 Milliondan Geçdi

Dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 5 milliondan geçdi.

Tebigy, taryhy we medeni baýlyklary bilen Ortaýer deňiziniň esasy merkezlerinden biri bolan we “Syýahatçylygyň paýtagty” hökmünde Antalýa 2021-nji ýylda gelen syýahatçylaryň sany gün saýyn artýar.

Bütindünýä ýaramaz täsirini ýetiren koronawirus epidemiýasy etabynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň degişli çäreleri görmeginden soň Antalýa gelýän syýahatçylaryň sany artýar.

Antalýa 2020-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 27-nji awgusty aralygynda 1 million 428 müň 943 syýahatçy gelipdi.

Şol san üstümizdäki ýyl 253 göterim artyp 5 million 50 müň 701 adama ýetdi.

2021-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 27-nji awgusty aralygynda Antalýa gelen rus syýahatçylaryň sany 34,61 göterim artdy.



Degişli Habarlar