Iýul Aýynyň Birinji Hepdesinde Antalýa Russiýadan 174 Müň 808 Syýahatçy geldi

Koronawirus epidemiýasyna garşy degişli çäreleriň görülmeginden soň şähere gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

1672907
Iýul Aýynyň Birinji Hepdesinde Antalýa Russiýadan 174 Müň 808 Syýahatçy geldi

Syýahatçylygyň paýtagty Antalýa iýul aýynyň 1-8-i aralygynda 644 uçar bilen 174 müň 808 rus syýahatçy geldi.

Antalýa deňizi, gumagy, güneşi, taryhy we tebigy gözellikleri bilen birlikde gadymy şäherleri we medeni ýadigärlikleri bilen hem ünsleri özüne çekýär

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy degişli çäreleriň görülmeginden soň şähere gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, täze ýyldan bäri şähere gelen syýahatçylaryň sany 2 million 1 müň 661 adama ýetdi.

Uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy bilen birlikde iýul aýynyň 1-8-i aralygynda Russiýadan guralan 644 uçar sapary bilen şähere 174 müň 808 syýahatçy geldi.



Degişli Habarlar