Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy ýarym finala çykdy

Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy ilkinji duşuşygynda bolsa Urugwaýyň ýygyndysyny 95-86 hasabynda ýeňipdi

1667843
Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy ýarym finala çykdy

Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy FIBA Olimpiýa kwalifikasiýanyň Kanadada geçirilýän turniriniň B toparynda 2-nji duşuşykda Çehiýanyň ýygyndysyndan 87-70 hasabynda üstün çykdy. 

Şol netije bilen 2 duşuşygyň 2-sinde hem ýeňiş gazanan Türkiýäniň ýygyndysy, toparyny lider bolup tamamlap ýarym final tapgyryna geçdi. 

Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy 3-nji iýul şenbe güni ýarym finalda A toparyny 2-nji bolup tamamlan ýygyndy bilen bäsleşer. 

Türkiýäniň milli basketbol ýygyndysy ilkinji duşuşygynda bolsa Urugwaýyň ýygyndysyny 95-86 hasabynda ýeňipdi. 



Degişli Habarlar