Rus Syýahatçylary Türkiýeden Dynç Almakdan El Çekmedi

Rus syýahatçylarynyň 60 göteriminden gowragy uçuşlaryň çäklendirlendigine garamazdan Türkiýeden dynç almakdan el çekmedi

1645862
Rus Syýahatçylary Türkiýeden Dynç Almakdan El Çekmedi

Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Dmitriý Gorin paýtagt Moskwada guralan Sanly ulgamly awiasiýa we syýahatçylyk forumynda eden çykşynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 15-nji aprel bilen 1-nji iýunyň aralygynda çäklendirilen uçuşlary hakynda beýannama berdi.

Uçuşlaryň çäklendirilmegi sebäpli 500 müňe barabar syýahatçynyň degişli döwürde Türkiýä gidip bilmändigini aýdan Gorin; “Geçirilen barlaga görä rus syýahatçylarynyň 60 göteriminden gowragy Türkiýä dynç alyşyny bes etmän, yza süýşürdi. 18 göterimi dynç alyşyny başga ýurtda geçiren bolsa, 15 göterimi Russiýada dynç aldy” diýdi.



Degişli Habarlar