Medeniýet we syýahatçylyk ministri Bodrumda tapylan taryhy eserler barada beýanat berdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Bodrum etrabynda tapylan taryhy eserler barada beýanat berdi

1614507
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Bodrumda tapylan taryhy eserler barada beýanat berdi

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda 2400 ýyllyk taryhy eserleriň ýüze çykarylan ýeriň gorag astyna alynmagy üçin çäre görendiklerini, eserleriň Bodrum Suwasty Arheologiýa muzeýinde sergilenmegi üçin işe girişendiklerini habar berdi. 

Ministr Ersoý, birnäçe gün ozal sebitde gurluşyk işlerı geçirilýän mahaly tapylan we Bodrym Galasy Suwasty Arheologiýa muzeýine degişli topar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri başladylan sarkofag meýdançasyndaky eserler bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Ersoý: "Bodrum etrabynda b.e.öň 4-nji asyra degişli bolan 15 sarkofag we köp sanda eser bilen bagly işlerimizi dowam etdirýäris. Şol ýeri wagtlaýyn ýagdaýda ýapdyk we eserleri gorag astyna almak üçin çäre gördük. Eserlerimizi Bodrum suwasty arheologiýa muzeýinde sergilemek üçin işe girişdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar