Dohada "2021-nji ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" festiwaly başlady

Kataryň paýtagty Doha şäherinde "2021-nji ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" festiwaly başlady

1597818
Dohada "2021-nji ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" festiwaly başlady

Kataryň Medeniýet ministri Salah bin Ganim al-Aliý, Katara Medeniýet şäherçesi we Yslam sungat muzeýiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, biri-birinden tapawutly bilin we sungat ugurlarynda, Yslam geografiýasyndan Ýewropa we dünýä ýaýran eserleriň bardygyna ünsleri çekip, latin dillerine terjime edilen şol eserleriň, dünýä uniwersitetlerinde esasy çeşme eserler ýagdaýyna gelendigini mälim etdi. 

Kataryň Premýer ministri Şeýh Halid bin Halife bin Abdulaziz Al Sani bolsa Twitterden beren beýanatynda, ýurdunyň medeniýete we Yslam mirasyna bolan ynanjynyň örän çuňňur we berkdigine ünsleri çekip, şonuň bilen bagly onlarça taslamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýändigini habar berdi. 

"Doha 2021 Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" çäreleri, Yslam bilim, ylym we medeniýet guramasy ISESKO bilen Kataryň Medeniýet we sport ministrligi bilen birlikde ýurtdaky ençeme ministrligiň we edaradyr kärhanalaryň gatnaşmagynda geçiriler. 

ISESKO tarapyndan 2005-nji ýylda başladylan Yslam dünýäsiniň Medeni paýtagty taslamasynyň çäginde, saýlanan paýtagtlarda ýylyň dowamynda biri-birinden tapawutly medeni çäreler geçirilýär. 


Etiketkalar: #medeni paýtagt , #Katar , #Doha

Degişli Habarlar