Ukrainaly Syýahatçylar Türkiýä Uly Isleg Bildirýär

Kowid-19 şertlerinde howpsyz we sagdyn dynç alyş mümkinçiligini hödürleýän Türkiýe ukrainaly syýahatçylary özüne çekýär

1573587
Ukrainaly Syýahatçylar Türkiýä Uly Isleg Bildirýär

Pandemiýa şertlerinde 750 müň raýaty daşary ýurtlarda dynç alan Ukrainada Türkiýä bolan isleg has ýokary boldy.

Syýahatçylyk pudagynda rekordlar goýulan 2019-njy ýylda 2,5 million raýaty daşary ýurtlara giden Ukrainadan geçen ýyl 750 müň adam gezelenç maksatly syýahat etdi.

Pandemiýa şertlerinde syýahat eden 750 müň adamyň 560 müňi Türkiýä geldi. Şolaryň tas ählisi dynç almak üçin Antalýany saýlap aldy. Howpsyz syýahatçylyk şahadatnamasy maksatnamasynyň şertlerine laýyklykda howpsyz we sagdyn dynç alyş mümkinçiligini hödürlän şäher, ukrainalylar üçin hem üýtgewsiz dynç alyş merkezi boldy.

Ukrainalylaryň 2021-nji ýyl üçin hem rezerwasiýalarynyň başlandygy habar berilýär.



Degişli Habarlar