Koronawirus Epidemiýasy Döwründe Türkiýä 14 Million 486 Müň 632 Syýahatçy Geldi

Russiýa ýanwar-noýabr aýlarynda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurt boldy

1552010
Koronawirus Epidemiýasy Döwründe Türkiýä 14 Million 486 Müň 632 Syýahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi üstümizdäki ýylyň başyndan dekabr aýyna çenli täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründe Türkiýä jemi 14 million 486 müň 632 syýahatçynyň gelendigini habar berdi.

Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda Russiýa esasy orun eýeleýär.

Russiýa ýanwar-noýabr aýlarynda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurt boldy.

Ady agzalýan döwürde Russiýadan Türkiýä 2 million 38 müň 380 syýahatçy geldi.

Sanawynda ikinji orun eýeleýän Bolgariýadan 11 aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 1 million 140 müň 739 adama ýetdi.

Germaniýa1 million 71 müň 782 syýahatçy bilen sanawynda üçünji orny eýeledi.

Russiýadan, Bolgariýadan we Germaniýadan soň Ukraina bilen Britaniýa hem Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda ilkinji bäşlikde orun aldy.

 

 



Degişli Habarlar