“Oýanyş: Beýik Seljukly” Seriýalynyň 1-nji Bölümi 28-nji Sentýabrda Ýaýlyma Beriler

Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň Seljuk imperiýasy hakyndaky täze serialy Oýanyş: Beýik Seljuklynyň” birinji bölümi 28-nji sentýabrda ekranlarda bolar

1488453
“Oýanyş: Beýik Seljukly” Seriýalynyň 1-nji Bölümi 28-nji Sentýabrda Ýaýlyma Beriler

TRT-den berilen beýannama görä geçen hepdelerde ady agzalmazdan tanyşdyrylan birinji fragmenti bilen ünsleri çeken serialyň ady ikinji tanyşdyrlyşynda “Oýany: Beýik Seljukly” hökmünde beýan edildi.

Täze ýaýlym döwründe ünsleri özüne çekmäge taýarlanýan TRT-1-de “gylyjyň beýgelden, galamyň şöhle saçan zamanasynyň” kyssasyny gürrüň berjek “Oýanyş: Beýik Seljukly” 28-nji sentýabr duşenbe güni tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

Serial bilen TRT-niň ekranlarynda ünsleri özünde jemlän “Filinta”, “Direliş – Ärtogrul”, “Paýtagt Abdulhamit” we “Ýa Garaşsyzlyk Ýa Ölüm” ýaly taryhy seriallaryň üstüne ýene-de biri goşular.

Uly produksiýaly taryhy serial bolan film oýunçylary, egin-eşikleri, taryhy ýerleri we kyssasy bilen ünsleri özünde jemleýär.



Degişli Habarlar