Aýasofýa 24-nji iýulda açylýar

Aýasofýa metjidi 86 ýyl, 24-nji iýulda gurhanyň tilawaty bilen ybadata açylar

1459064
Aýasofýa 24-nji iýulda açylýar

Soňky taýarlyklary dowam edýän metjide epidemiýa sebäpli çäkli sanda adam kabul ediler.

24-nji iýulda ybadata açyljak Aýasofýa metjidiniň daşynda howpsyzlyk çäreleri şu gün başlady. Aýasofýanyň öňi demir barriýeralar bilen ýapylýar, Soltan Ahmet meýdanyna barýan ähli ýollar gatnawa ýapyldy.

İçeri işler bölüminiň gullukçylary barlag nokatlaryny döredýärler. Meýdanda 17 müň polis iş alyp barar. Soltan Ahmet meýdanyna saglyk üpjünçiligi nokatlary açylar.

Mozaikalar, teswirler kino-zallaryň perdesi ýaly ýelkenli perde usuly bilen ýapylar.

Aýasofýanyň içi daşarda goýulan uly ekranlardan görkeziler.

Aýasofýa meýdanynda, Soltanahmet meýdanynda we Mehmet Akif Ersoý seýilgähinde 500 adamlyk toparlar görnüşinde namaz okalmagyna rugsat beriler.



Degişli Habarlar