Müsürde 1600 ýyllyk mumiýa tapyldy

tabydyň uzynlygynyň 1 metr 75 sm, ininiň bolsa 33 santimetrdigi mälim edildi

1405212
Müsürde 1600 ýyllyk mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň günortasyndaky Luksor şäherinde faraon eýýamyna degişli, içinde goýy we açyk reňkdäki gymmat bahaly daşlardan ýasalan gerdenlikler bolan 1600 ýyllyk agaç tabyt tapdylar. 

Müsüriň döwlet gazetleriniň biri bolan Ahramyň berýan habaryna görä, Luksor şäheriniň Zira Ebu Neje diýilen ýerinde geçirilen gazuw agtaryş işlerinde, 17-nji faraon maşgalasyna degişli takmynan 1600 ýyllyk bir tabyt ýüze çykaryldy. 

Habarda, daşy ak, içi gyzyl reňke boýalan, çynar agajyndan ýasalan tabydyň uzynlygynyň 1 metr 75 sm, ininiň bolsa 33 santimetrdigi mälim edildi. 

Tabydyň içinde mumiýalanan ýagdaýda 15-16 ýaşlarynda bir zenanyň jesediniň bardygy, zenanyň gulaklarynyň birinde tegelek misden gulakhalkanyň bardygy aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #zenan , #tabyt , #Müsür

Degişli Habarlar