Turk sufi aýdym-saz topary Yslamabatda muşdaklaryna konsert berdi

“Konýa Türk Sufi Aýdym-Saz” topary we semazenler Yslamabatda Pakistanly muşdaklary bilen duşuşdy

1314293
Turk sufi aýdym-saz topary Yslamabatda muşdaklaryna konsert berdi
sufi.jpg
yurdakul.jpg
yurdakul.jpg
sufi.jpg

Jinnah maslahatlar merkezinde berilen konserte Pakistanyň Mejlisiniň aşakky bölümi Milli Mejlisiň Başlygynyň orunbasary Kasym Suri, Türkiýäniň Pakistandaky İlçisi İhsan Mustafa Ýurdakul bilen köp sanly daşary ýurtly diplomatlar gatnaşdylar.

İlçi Ýurdakul sufi aýdym-sazynyň konsertinden we sema görkezlişinden ozal sözlän sözünde 800 ýyldan gowrak taryhy bolan sema görkezlişiniň we sufi sazynyň diňe bir göz bilen görlüp, gulak bilen diňlenmeýandigini, şol bir wagtda-da tasawwufdaky yşk adalgasyny beýan edýändigini aýtdy.

Möwlana Jelaleddin Rumynyň Mesnewisinden ylahy yşgy beýan edýän bölümleri okan Ýurdakul; “Möwlana esasy eseri Mesnewisiniň özenine Gurhany we Hezreti Muhammedy ornaşdyrdy. Eserin her bir sözi we sözlemi ikisi bilen bagly” diýdi.

Sema dabarasy we semazenler barada-da maglumat beren Ýurdakul, hereketler, egin-eşikler we saz gurallarynyň aňladýan manylaryny hem gürrüň berdi.



Degişli Habarlar