7-nji halkara şygyr festiwaly başlady

2 gün dowam etjek festiwalda Balkan ýurtlaryndan gelen şahyrlar halk bilen duşuşar

1293989
7-nji halkara şygyr festiwaly başlady

 

 

Sultanbeýli etrap häkimligi tarapyndan şu ýyl 7-njisi geçirilýän halkara Istanbulensis şygyr festiwaly Türkiýeli we daşary ýurtly şahyrlaryň gatnaşmagynda başlady

Prof. Dr. Nejmettin Erbakan medeniýet merkezinde dabaraly ýagdaýda açylan festiwalyň çäginde şu ýyl Balkan ýurtlaryndan gelen şahyrlar halk bilen duşuşar

2 gün dowam etjek festiwala Bosniýa-Gersogowinadan, Makedoniýadan, Ruminiýadan, Albaniýadan we Serbiýadan gelen şahyrlar gatnaşýar

Şahyrlar 2 günüň dowamynda Marmara uniwersitetinde okaýan talyp ýaşlar bilen hem duşuşar

 


Etiketkalar: #şahyr , #festiwal , #şygyr

Degişli Habarlar