Berfin Altundan altyn medal

Çempionatyň 5–nji gününiň ahyry boýunça Türkiýäniň türgenleri jemi 11 altyn, 8 kümüş we 12 bürünç bolmak bilen jemi 31 medalyň eýesi boldylar

1293223
Berfin Altundan altyn medal

Rumyniýanyň ýer eýeçilik etmeginde gurnalan Ýaşlar we 23 ýaşdan kiçileriň arasynda geçirilýän Ýewropanyň Agyr atletika çempionatynda ýaş zenanlaryň arasynda 64 kg agyrylygynda Türkiýeli Berfin Altun altyn medalyň eýesi boldy.

Ýurdyň paýtagty Buharestdäki çempionatda bäsleşen Berfin Altun itekläp götermekde 94 kg, silterläp götermekde 118 kg bilen altyn medal alyp, iki aýry kategoriýanyň jemi boýunça bolsa Ýewropanyň çempiony boldy.

Şol kategoriýa boýunça ýaryşan Nuraý Lewent bolsa itekläp götermekde 95 kg bilen kümüş medala, silterläp götermekde bolsa 115 kg bilen bürünç medalyň eýesi boldy we jemi 210 kg netije bilen Ýewropanyň 2-njisi boldy.

Çempionatyň 5–nji gününiň ahyry boýunça Türkiýäniň türgenleri jemi 11 altyn, 8 kümüş we 12 bürünç bolmak bilen jemi 31 medalyň eýesi boldylar.



Degişli Habarlar