Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 10 million 5 müň 323 adama ýetdi

Antalýa gelen syýahatçylaryň sanawynda Russiýa birinji orny eýeledi

1257746
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 10 million 5 müň 323 adama ýetdi

 

Welaýat medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň Antalýa we Gazipaşa howa menzilleriniň gözkezijilerine görä, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen awgust aýynyň 22-i aralygynda şähere 10 milliondan gowrak syýahatçy geldi.

Geçen ýylyň degişli döwründe şähere 8 million 586 müň 11 syýahatçy gelipdi.

Şu ýyl şähere gelen syýahatçylaryň sany 17 göterim artyp 10 million 5 müň 323 adama ýetdi.

Antalýa gelen syýahatçylaryň sanawynda Russiýa birinji orny, Germaniýa bolsa ikinji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar