Meşhur aýdymçy Tarkan konsert berer

Meşhur türk aýdymçy Tarkan sentýabr aýynda 3 aýry konsert berip, Stambul Harbiýe Jemil Topuzlu açyk howa sahnasynda çykyş eder

1252223
Meşhur aýdymçy Tarkan konsert berer

Geçen ýyl çagasynyň dogulmagy sebäpli Harbiýedäki konsertlerine arakesme beren Tarkan, 20-nji, 21-nji we 23-nji sentýabrlarda çykyş eder. 

Meşhur aýdymçy Harbiýedäki konsertlerinden soň Ýewropa gastrolyna çykar. Tarkan 6-njy oktýabrda Londondaky Hammersmith Apolloda konsert berer.

Tarkan 26-njy oktýabrda Germaniýanyň Mannheim şäherinde, 14-nji noýabrynda Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde, 16-njy noýabrda Awstriýanyň Wena şäherinde, 30-njy noýabrda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde we 21-nji dekabrda Germaniýanyň Köln şäherinde konsert berip çykyş eder. 


Etiketkalar: #konsert , #Tarkan

Degişli Habarlar