Milli pälwanlar 8 medal aldy

Türkiýe komanda ýagdaýynda grek-rim göreşi boýunça 2-nji, erkin göreşde bolsa 3-nji orny eýeledi

1247731
Milli pälwanlar 8 medal aldy

 

Bütin dünýä göreş çempionadyna taýarlyk görýän Milli ýygyndy göreş komandalary Polşanyň paýtagty Warşawada geçirlen Halkara Ziolkowski-Pytlasinski bäsleşigine gatnaşdy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy göreş komandasy hem erkin göreşde 3 altyn, 1 bürünç, grek-rim göreşi boýunça 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medalyň eýesi boldy

Türkiýe komanda ýagdaýynda grek-rim göreşi boýunça 2-nji, erkin göreşde bolsa 3-nji orny eýeledi.

Erkin göreşde 70 kilogram agyrlykda Haýdar Ýazuw, 74 kilogram agyrlykda Ýakup Gör, 92 kilogramlyk agyrlykda Süleýman Karadeňiz altyn, 86 kilogram agyrlykda Fatih Erdin bürünç medalyň eýesi boldy

Grek-rim göreşi boýunça 77 kilogram agyrlykda Fatih Jengiz altyn, 82 kilogram agyrlykda Burhan Akbudak altyn, Salih Aýdyn kümüş, 63 kilogram agyrlykda Mehmet Çeker bürünç medalyň eýesi boldy

 

 

 



Degişli Habarlar