“Wonderland Eurasia” şu gün açylar

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde gurulan we Ýewropanyň iň uly tematik parky bolmak aýratynlygyna eýe boljak Wonderland Eurasia şu gün öz gapylaryny myhmanlara açar

1166514
“Wonderland Eurasia” şu gün açylar

Ankaranyň şäher häkimligi tarapyndan 1 million 300 müň ind metrlik bir ýerde gurulan tematik parkyň açylyşynyň yglan edilmegi bilen bagly 15-nji iýul Gyzylaý Milli ygtyýar meýdançasynda adamlara futbol we basketbol toplary paýlandy.

Açylyşy şu gün boljak Wonderland Eurasia parkyna ilkinji ýylda 5 million ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

Ähli ýaş toparlaryň şatlykly wagt geçirmegi üçin taýýarlanan tematik parkda 23-nji aprel we 5-nji maý aralygynda konsertler beriler.

Uçan adadan uçan teatra, ýelli atly goşundan buzdan gowaga çenli ençeme şüweleň bölümleriniň we 2 milliondan gowrak ösümligiň we agaç görnüşiniň ýerleşjek tematik parkyň bahasy çagalar we uly adamlar üçin 25 lira, 4 adamlyk maşgala üçin 80 lira, ýyllyk limitsiz bahasy bolsa 950 lira bolar.



Degişli Habarlar