Prezident Erdogan Fazyl Saýyň konserdine gatnaşdy

Erdogan meşhur kompozitory Prezidentiň kompleksinde konsert programmasy bilen çykyş etmegä çagyrdy

1129141
Prezident Erdogan Fazyl Saýyň konserdine gatnaşdy

 

Prezident R. T. Erdogan meşhur kompozitor we pianist Fazyl Saýyň “Truwa sonaty atly eseriniň Ankara konserdine gatnaşdy.

Ankaranyň Söwda birleşmegsinde berlen konsertden soň sahna çykyp Fazyl Saýy gutlan Erdogan meşhur kompozitory Prezidentiň kompleksinde konsert programmasy bilen çykyş etmegä çagyrdy.

Fazyl Saýa Aşyk Weýseliň “Meniň sadyk ýarym gara toprak” atly plagyny sowgat eden Erdogan kompozitora sag bolsun aýtdy.

Konserde Prezident E. T. Erdogan we aýaly Emine Erdogan bilen birlikde Wise-prezident Fuat Oktaý, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Milli bilim ministri Ziýa Selçuk, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler bilen birlikde iş sapary bilen Ankara gelen Amerikaly senator Graham hem gatnaşdy.


Etiketkalar: #kompozitor , #pianist , #konsert

Degişli Habarlar