Bursa dünýäniň iň saglykly 5-nji şäheri boldy
Bursa 199 şäheriň gatnaşmagynda taýarlanan dünýäniň iň saglykly şäherleriniň sanawynda 5-nji ýeri eýeledi
1112471
Googl tarapyndan durlan Numbeo atly halkara ylmy barlag we hasabat guramasyna görä, Bursa 199 şäheriň gatnaşmagynda taýarlanan dünýäniň iň saglykly şäherleriniň sanawynda 5-nji ýeri eýeledi.
Taýlandyň Chiang Mai şäheri sanawda 1-nji, Britaniýanyň Glasgow şäheri 2-nji, Günorta Koreýanyň Seul şäheri bolsa 3-nji ýeri eýeledi.
Dünýäniň iň saglykly şäherleriniň sanawynda Türkiýeden Bursa 82,94 bal bilen 5-nji, Izmir 72,31 bal bilen 56-njy, Ankara 68,56 bal bilen 89-njy we Stambul şäheri hem 67,63 bal bilen 94-nji ýeri eýeledi.