Türk ýüreksesi dünýä saçagyny bezeýär

Firma ýyllyk 3 million dollar girdeji alýar

1108646
Türk ýüreksesi dünýä saçagyny bezeýär

Izmirde iş alyp barýan bir firma ýaprak dolamasy, humus we çyg kotlet ýaly türk ýürekselerini türkleriň köp ýaşaýan 14 ýurda eksport edýär.

Içerki bazardan gelýän talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen 1991-nji ýylda 25 ind metrlik bir ýerde ýürekse öndürmäge başlan telekeçi, talabyň artmagy bilen Torbaly etrabynda 16 müň ind metrlik ýerde ýürekse fabrigini gurdy.  

Ilkinji ýyllarda atom, haýdari we ýaprak dolamasy bilen başlan ýürekse önümçiligi, milli tagamlar bilen birlikde 250 tapawutly görnüşe ýetdi.

Esasan hem türkleriň köp ýaşaýan Ýewropa ýurtlaryna eksport etmäge başlan firma ýyllyk 3 million dollar girdeji alýar.


Etiketkalar: #ýürekse , #Ýewropa , #Izmir

Degişli Habarlar