TRT World Forum öz işine başlady

Medeni, syýasy, ykdysady we sosial krizislere çözgüt tapmak maksady bilen jemgyýetçilik pikirleriň liderleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemleýän we şu ýyl 2-nji gezek geçirilýän TRT World Forum öz işine başlady

1061343
TRT World Forum öz işine başlady

“Böleklere bölünen dünýäde parahatçylygy we howpsyzlygy ýaňadandan dikeltmek” temasy bilen geçirilýän TRT World Forum Stambulda başlady.

Taýýarlyklary takmynan 1 ýyl bäri dowam etdirilen forumda bu ýyl 12 ýapyk we 10 açyk oturlyşyk geçiriler.

Dünäniň iň möhüm global meselelerini gün tertibe getirýän TRT World Forum, dünýäniň dört künjeginden ýerli we daşary ýurtly 600-den gowrak syýasatçyny, işewür adamyny, akademigi, aktiwisti, žurnalisti Stambulda bir ýere jemleýär.

Sebitiň iň täsirli we abraýly çäreleriniň biri hökmünde kabul edilýän TRT World Forumyň açylyşynda TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym bilen TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren çykyş eder.

Açylyşydan soň “Dünýä tertip-düzgün içindemi? Dälmi?”, “I Jahan urşyndan bäri geçen 100 ýyl”, “ÝB we meseleler”, “Global Günortanyň beýgelişi we Çaknyşyklar dünýäsinde zenanlaryň liderligi” atly 4 aýry bölüm geçiriler.



Degişli Habarlar