Saud Arabystanynda 35 ýyllyk gadagançylykdan soň Riýadda ilkinji kino-teatr açyldy

Açylyş dabarasyna gatnaşanlar “Gara gaplaň” atly kino-filme tomaşa etdiler

954520
Saud Arabystanynda 35 ýyllyk gadagançylykdan soň Riýadda ilkinji kino-teatr açyldy

Ýurtdaky Şa Abdullah Maliýe merkezinde Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasyna degişli dynç alyş merkezi bilen dünýäniň belli firmalaryndan biri bolan “Amerikan Multi-Sinema” tarapyndan açylan ilkinji kino-teatr dabara bilen açyldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşan Saud Arabystanynyň Medeniýet we maglumat ministri Awad Bin Salih Al Awad, Sport baradaky baş müdiriň orunbasary we Saud halk sportlary federasiýasynyň başlygy Şa aýal Rima Bin Bender bilen Amerikan firmasynyň başlygynyň orunbasary Jeson Kol bilen köp sanly resmi adamlar, diplomatlar we hünärmenler zalda görkezilen “Gara gaplaň” atly kino-filme tomaşa etdiler.

Saud Arabystanynyň Medeniýet we maglumat ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada onlarça ýyl aradan soň paýtagtda açylan ilkinji kino-teatryň bir hepdelik synag görkezlişlerinden soň halkyň hyzmatyna açyljakdygy habar berildi.

Wiziual we auditorial medi guramasyndan berilen beýannamada zallardaky konfortyň üpjün edilmegi üçin üns bilen işlenendigi we “Amerikan Multi-Sinema” firmasy bilen Saud Arabystanynda 40 kino-teatr merkeziniň, 2030-njy ýyla çenli bolsa 350 merkezde 2,500 kino zalynyň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Petekleriň başlangyçda 13 Amerikan dollaryndan satyljakdygy, soň bolsa nyrhlaryň arzanladyljakdygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar