Sport Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşigine gatnaşdy

947928
Sport Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy.

“K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy.

“Lou kik” ugry boýunça Gülzada Jorakulyýewa (70 kilograma çenli) ikinji orna düşdi. Röwşen Habyrow bolsa (60 kilograma çenli) bürünç baýraga mynasyp boldy.

“Ful kontakt” ugry boýunça Pygy Salabow (60 kilograma çenli) üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň hasabyna ýene bir bürünç medaly goşdy.



Degişli Habarlar