Ýasmine Hammamet karnawaly başlady

Tunisiň Hammamet şäherinde geçirilýän V Ýasmine Hammamet karnawaly başlady

937077
Ýasmine Hammamet karnawaly başlady

Tunisiň Hammamet şäherinde şu ýyl 5-nji gezek geçirilýän Hammamet Ýasmine festiwaly örän şüweleňli geçýär.

Festiwalyň çäginde aýdym-saz we tans toparlary şäheriň köçelerinden geçýärler.

Kenarýaka şäheri bolan Hammametde düýn başlan we şu gün hem dowam etjek karnawala Fransiýa, Indoneziýa, Italiýa we Alžir ýaly jemi 8 ýurtdan 800 adam gatnaşýar.

Karnawalyň baş koordinatory Welid Derwiş festiwalda geçiriljek çäreleriň mugtdygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Tunis , #karnawal , #festiwal

Degişli Habarlar