“Türk syýahatçylyk pudagy üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 30 göterim ösdi”

Rifai Türkiýäniň soňky 40 ýylda dünýäniň syýahatçylyk taýdan iň güýçli ýurtlaryndan biri ýagdaýyna gelendigini belledi

872105
“Türk syýahatçylyk pudagy üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 30 göterim ösdi”

BMG-nyň Bütin dünýä syýahatçylyk düzüminiň Baş sekretary Talep Rifai BMG-nyň Ženewadaky ofisinde metbugata beren beýanatynda türk syýahatçylyk pudagy hakynda maglumat berdi.

Syýahatçylyk pudagynyň “diýseň ynjyk senagatdygyna”ünsi çeken Rifai “Daşardan gelýän haýsydyr bir waka şol bada syýahatçylyk pudagyna öz täsirini ýetirýär. Emma muňa garamazdan kynçylyklary ýeňmek güýji bolan pudak. Mysal hökmünde türk syýahatçylyk pudagyny görkezip bileris” diýdi.

Rifai Türkiýäniň soňky 40 ýylda dünýäniň syýahatçylyk taýdan iň güýçli ýurtlaryndan biri ýagdaýyna gelendigini belledi.

Rifai “soňky iki ýylda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygy we terrorçylykly hüjümler ýaly käbir wakalar türk syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi emma muňa garamazdan 2017-nji ýylda syýahatçylaryň sany taýdan uly ösüş etdi” diýdi.

Rifai türk syýahatçylyk pudagynyň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan oktýabr aýynyň ahyryna çenli 30 göterim ösüş edendigini ýatlatdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş hem TBMM-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynyň oktýabr aýynda 29,1 milliona ýetendigini aýdypdy.

Ministr Kurtulmuş “2023-nji ýylda 50 million syýahatçynyň gelmegini we 50 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy maksat edinýäris” diýdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar