Erdogan Konýada Möwlana bagyşlanan çärä gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan kynçylyklaryň öňünde sabyr eden, dogry ýolda bolan we biri-birleri bilen birleşen bir milleti hiç bir güýjiň ýykyp bilmejekdigini nygtady

870410
Erdogan Konýada Möwlana bagyşlanan çärä gatnaşdy

Erdogan Konýada geçirilen Hezreti Möwlananyň aradan çykmagynyň 744-nji ýyly bilen baglanşykly çärä gatnaşdy.

Prezident Erdogan çärede eden çykyşynda Möwlananyň ençeme ýüz ýyl ozal birlik, jebislik, söýgi we doganlyk bilen bagly ýüzlenmeleriniň häzirki günlere hem degişlidigini belledi.  

Erdogan şu günki günde Türkiýede we sebitde käbirleriniň gan bilen, öýke-kine bilen, güýç bilen öňe çykmak isleýändigini nygtady.

Käbir hökümetleriň barrel bombalary we ballistik raketalary bilen gyrgynçylyklar edip häkimiýetlerini gorap biljekdiklerini pikir edýändiklerini aýdan Erdogan: “Käbir güýçler musulmanlaryň duýgurlygyna ähmiýet bermän we äsgermezçilik edip sabyrymyzy synagdan geçirýän bolup biler, emma Möwlana bize basyş bilen maksatlarynyň yzyndan ylganlaryň, güýç we pitne turuzýanlaryň nähili derejede akylsyzlyk edýändiklerini açyk ýagdaýda düşündirdi” diýdi.

Erdogan kynçylyklaryň öňünde sabyr eden, dogry ýolda bolan we biri-birleri bilen jebis bolan bir milleti hiç bir güýjiň ýykyp bilmejekdigini nygtady.

Erdogan: “Biz bir we jebis bolsak Allahyň rugsady bilen geografiýamyzda ekilmäge synanyşylýan pitne tohumlary hiç wagt ösmez” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Konýa , #Möwlana , #çäre

Degişli Habarlar