Çanakkalede 2 müň ýyllyk oýunjak tapyldy

Gadymy şäherde ozal geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde hem 2 müň ýyllyk emzik tapylypdy

816145
Çanakkalede 2 müň ýyllyk oýunjak tapyldy

 

Biga etrabynyň Kemer obasynyň golaýynda elen döwrüniň iň uly gadymy port şäheri bolan Parionda geçirlen gazuw agtaryş işlerinde çaga mazarlarynyň içinden 2 müň ýyllyk oýunjaklar tapyldy.

Gadymy Parion şäherinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän toparyň agzasy Atatürk uniwersitetiniň Arheologiýa bölüminiň mugallymy Dos. Dok. Hasan Hasapogly gazuw agtaryş işlerinde çaga mazarlaryndan täsin galyndylaryň tapylandygyny aýtdy.

Şol mazarlardan çaga ölümlerinden soň “öli sowgady” aýratynlygyna eýe bolan oýunjaklaryň tapylandygyny aýdan Kasapogly şol döwürdäki we häzirki oýunjaklara seredilende umuman alnan düşünjeleriň birmeňzeşdigini gürrüň berdi.

Kasapogly gadymy şäherde ozal geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde hem 2 müň ýyllyk emzigiň tapylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar