Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisi işläp başlady

Paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy

826022
Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisi işläp başlady

Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan pudagara gözden geçirilişinde ykdysadyýetiň döwlet ulgamynyň düzüm bölümleri, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary, ýurdumyzyň telekeçilik kärhanalary öz işleri bilen tanyşdyrýar. Onuň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Köpugurly sergi Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň meýdançalarynda ýerleşdirildi. Oňa gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-saz, döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän çykyşlary bilen garşyladylar. Sergi merkezinde bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp halk aýdym-sazlary wakanyň toý öwüşginini artdyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegi we eksportuň möçberleriniň artdyrylmagy, önümçiligiň depginli döwrebaplaşdyrylmagy şu ýyl Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň däp bolan sergisiniň özenini düzdi. Bulara milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň gerimi boýunça deňsiz-taýsyz derejede kämilleşdirilýän işlerini görkezýän serginiň köp sanly diwarlyklary aýdyň şaýatlyk edýär.

Energetika hem-de senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, obasenagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş hem-de bagy-bossanlyga büremek—bu pudaklaryň ählisiniň ösüş depgini wideoşekillerde, owadan maketlerde, çaphana önümleri bolan ajaýyp neşirlerde, žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Şu ýyl Senagat ministrliginiň bölümlerinde ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap, ulanmaga amatly elektrik enjamlary görkezildi. Olaryň hatarynda sergä gelenleriň ünsüni çeken ýokary hilli tozan sorujylar, elektrik ýyladyjylar, ýagtylyk diodly yşyklandyryjylar, täze kysymly elektrik hasaplaýjylar hem-de häzirki zaman abzallary bar. Elektron senagatynyň döredilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysady toplumyň öňünde ýakyn döwür üçin goýlan esasy wezipeleriň biridir.

Mundan başga-da, sergide önümçilik birleşikleriniň önümleri bolan dürli kysymly sement, metal we plastmas turbalar hem-de şäher köçeleriniň amatlylygyny üpjün etmekdäki önümler — oturguçlar, köçeleri ýagtylandyryjylar, keramiki plitalar bilen tanyşmak bolýar.

Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň binýatlyk ulgamy bolan ýangyç-energetika pudagy giňişleýin bölümde görkezilýär. Ol pudagyň güýçli depginli ösüşlerini beýan edýär. Daşary ýurtlara iberilýän hem-de eksport ugurly täze harytlara aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi uly jemgyýetçilik seslenmesini döredip hem-de ony görmäge gelýänleriň barha köpsanlysyny özüne çekip, häzir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen topragynda bolup geçýän beýik özgertmeleri öz gözleri bilen görmäge we duýmaga her ýyl myhmanlara mümkinçilik döretmek bilen, ýurdumyzyň harytlaryny öňe ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. (TDH)



Degişli Habarlar