Woleýbolçy gyzlar Ýewropa çempionadynyň üçünjilik bäsleşiginde bürünç medalyň eýesi boldy

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak 2017 Ýewropa çempionadynda bürünç medal alan Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasyny gazanan üstünligi bilen gutlady

818473
Woleýbolçy gyzlar Ýewropa çempionadynyň üçünjilik bäsleşiginde  bürünç medalyň eýesi boldy

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasy 2017 Ýewropa çempionadynyň üçünjilik bäsleşiginde ýer eýesi Azerbaýjany 3-1 hasabynda ýeňip bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasynyň türgenleşdirijisi Giowanni Guidetti bäsleşikden soň beren beýanatynda esasanda soňky gezek milli ýygyndy komandanyň formasyny geýen käbir gyzlaryň adyndan bäsleşikde üstünlik gazanandyklary sebäpli özüni bagtly hasap edýändigini belledi.

Möwsümi üstünlikli tamamlamagy maksat edinendiklerini we maksatlaryna ýetendiklerini aýdan Guidetti “Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasynyň türgenleşdirijisi hökmünde ilkinji ýylyma üstünlikli başladyk” diýdi.

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak 2017 Ýewropa çempionadynda bürünç medal alan Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasyny gazanan üstünligi bilen gutlady.

 



Degişli Habarlar