Balykesirde 1200 ýyllyk buthana tapyldy

Balikesir welaýatynyň Burhaniýe etrabynda ýerleşýän gadymy Adramytteion şäherinde 1200 ýyllyk buthana tapyldy

815396
Balykesirde 1200 ýyllyk buthana tapyldy

Gadymy şäherde 6 ýyldan bäri dowam edýän gazuw agtaryş işleriniň şu ýylky bölümi tamamlandy.

Gazuw agtaryş işlerinde gadymy şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Bergaztepede katolik döwründen bäri ýaşaýşyň dowam edýändigini görkezýän galyndylar tapyldy.

Gadymy şäherde tapylan ikinji buthananyn bolsa biziň eramyzdan soňky 8-nji asyra degişlidigi anyklanyldy.

Şäherde ozal hem biziň eramyzdan soňky 11-nji asyra degişli bir buthana tapylypdy.

 


Etiketkalar: #gadymy , #buthana , #şäher , #era , #Balykesir

Degişli Habarlar