FIFA tarapyndan taýarlanýan dünýä ýygyndylarynyň sanawy çap edildi

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy FIFA tarapyndan taýarlanan nobatdaky sanawda 6 basgançaok ýokary galyp, 27-nji oruna geçdi

807172
FIFA tarapyndan taýarlanýan dünýä ýygyndylarynyň sanawy çap edildi

FIFA-nyň internet saýtynda beýan edilen sentýabr avyndaky sanawyna görä geçen aý 33-nji ýerde bolan Türkiýäniň futbol ýygyndysy 27-nji oruna geçdi.

Awgust aýynda Braziliýa ýerini beren Germaniýanyň ýygyndysy bolsa sentýabr aýynda ýaňadandan 1-nji oruna geçdi.

Sanawyň 3-nji ornunda Portugaliýanyň ýygyndysy bar bolsa, 4-nji orunda Urugwaý we Wenesuella bilen deňme-deň oýnan Argentina bar.

FIFA-nyň 200-den gowrak ýurdyň ýygyndylaryndan taýarlanan indiki sanaw bolsa 16-njy oktýabrda çap ediler.



Degişli Habarlar