Eşitme şikeslileriň tomusky olimpia oýunlary şu gün Samsunda başlaýar

Açylyş dabarasyna 97 ýurduň wekili gatnaşar

772982
Eşitme şikeslileriň tomusky olimpia oýunlary şu gün Samsunda başlaýar

Eşitme şikeslileriň 23-nji tomusky tomusky olimpia oýunlary şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 18.00-da Samsun şäheriniň 19-njy Maý stadionynda dabaraly ýagdaýda açylar.

Açylyş dabarasyna 97 ýurduň wekili gatnaşar.

Olimpia oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan 33 müň 919 adamlyk stadionda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

 3 müňden gowra howpsyzlyk işgäri stadionda iş alyp barar

4 sagat dowam etjek açylyş dabarasyndan soň tanymal türk aýdymçyzy Murat Boz konsert programasy bilen çykyş eder.

 



Degişli Habarlar