Çempionlar ligasynyň ilkinji finalisti Ýuwentus boldy

Real Madrid-Atletiko Madrid oýuny şu gün Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar

729292
Çempionlar ligasynyň ilkinji finalisti Ýuwentus boldy

Italiýanyň Ýuwentus topary garşydaşy toparynyň meýdançasynda Monako toparyny 2-0 hasabynda, öz meýdançasynda bolsa 2-1 hasabynda ýeňdi.

Çempionlar ligasynda Ýuwentus toparynyň finaldaky garşydaşy şu gün belli bolar.

Real Madrid topary Atletiko Madridiň meýdançasynda duşuşyk geçirer. Ilkinji duşuşyk Real Madridiň meýdançasynda geçirilip, 3-0 hasabynda Realyň peýdasyna tamam bolupdy.

Real Madrid-Atletiko Madrid oýuny şu gün Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar.

 



Degişli Habarlar