UNESKO möhüm karar kabul etdi

BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzümi UNESKO möhüm kararlardan birini kabul etdi

724679
UNESKO möhüm karar kabul etdi

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen UNESKO-nyň Dolandyrycylar geňeşiniň meclisinde Ysraýyl “basyp alycy güýç” hökmünde häsýetlendirildi.

UNESKO Sudanyň, Kataryň, Omanyň, Marokkanyň, Müsüriň we Alžiriň wekilleri tarapyndan taýarlanan “Basylyp Alynan Palestina” karar taslamasyny kabul etdi.

Taslamada İýerusalimiň musulmanlar, Hristiýanlar we musaýylar üçin mukaddes şäherdigi nygtalyp, “basyp alycy güýç Ysraýyl” tarapyndan İýerusalimiň gurluşynyň özgerdilmegi ugrundaky ähli hukuky we dolanşyk kararlarynyň güýcüni ýitiren hasaplanmagy hem-de bes edilmegi islenýär.

Taslamada Ysraýyldan İýerusalimde hukuga bap gelmeýän işlerini bes etmegi talap edilýär.

Şolaryň hatarynda tunel gazmak, bikanun barlag geçirmek we bikanun ýaşaýyş caý gurluşyklary başda durýar.

Taslama Braziliýa, Hytaý, Russiýa we Şwesiýa bilen birlikde 22 ýurt kabul sesini berdi.

 



Degişli Habarlar