Barselonadan taryhy ýeňiş...

Barselona we Borussiýa Dortmund UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdylar

687653
Barselonadan taryhy ýeňiş...

Baş tälimçisi asly türk bolan Deniz Aýtekiniň ýolbaşçylygyndaky Ispaniýanyň Barselona topary Fransiýanyň Pari Sen-Žermen topary bilen oýnady.

Ilkinji oýunda Pari Sen-Žermen toparyna 4-0 hasabynda ýeňilen Barselona rewanş oýunda garşydaş topary 6-1 hasabynda ýeňdi.

Bu netije bilen Barselona Çempionlar ligasynyň taryhynda 4 bal yzda galyp indiki tapgyra geçen ilkinji topar boldy.

Düýn Borussiýa Dortmund hem ilkinji oýunda 1-0 hasabynda ýeňilen Portugaliýanyň Benfika topar bilen bäsleşdi.

Borussiýa Dortmunda garşydaş topary 4-0 hasabynda ýeňdi we çärýek finalda oýnamaga mümkinçilik gazandy.



Degişli Habarlar