Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Sapporoda geçirilýän oýunlarda ony 1-nji diwiziona çykardy
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy toparynyň Sapporoda gazanan üstünligi ony birinji diwiziona çykardy
Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada geçirilýän VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionda ýeňiş gazzandylar. Şu gün final duşuşygynda olar Gyrgyzystanyň toparyny 7:3 hasabynda ynamly ýeňdiler. Bu ýeňiş türgenlerimize 2021-nji ýylda geçiriljek indiki Aziýa oýunlarynda birinji diwizionda ýaryşa gatnaşmaga mümkunçilik berýär.
Aşgabadyň dört toparyna (“Galkan”, “Şir”, “Oguzhan” we “Nesil”) wekilçilik edýän hokkeýçilerimiz ilkinji gezek yklym derejesinde şeýle wekilçilikli ýaryşda çykyş etdiler. Finala çenli ýolda olar Malaýziýanyň (9:2), Hytaý Makaosynyň (16:0) we Indoneziýanyň (12:2) ýygyndy toparlarynyň garşysyna bolan oýunlarda ynamly ýeňişleriň üçüsini gazandylar.
Indi Sapporodaky gyşky Aziadanyň ýeňijileri ýene-de bir jogapkärli ýaryşa, aprel aýynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görer. Bu ýaryşda ýygyndy toparymyz birinji diwizionda çykyş eder. Bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek türkmen hokkeýçileriniň ýokary diwiziona ýollanma almagyna mümkinçilik berer. (TDH)
Degişli Habarlar
Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda
Türkiyäniň wizual we eşidiş belligi, Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda ...