Türk teleseriallar Uzak Gündogar bazaryna açylýar

Türk teleseriallar Günorta Amerika ýurtlaryndan soň, indi bolsa Uzak Gündogar ýurtlaryna açylýar

623851
Türk teleseriallar Uzak Gündogar bazaryna açylýar

Türk teleseriallar medeniýet we syýahatçylyk ministrligi we Stambul söwda palatasynyň tagallasy bilen 6-9-njy dekabr aralygynda Singapurda geçiriljek 17-nji Asya TV forumyna gatnaşar.

Pudagyň işgärleri forumda ilkinji gezek stend açyp, türk eserlerini tanyşdyrar. Mundan başgada daşary ýurtly maýadarlara Türkiýäniň wideo alynýan ýerleri görkeziler.

ABŞ-dan soň “Dünýäde iň köp teleserial eksport eden 2-nji ýurt” derejesine eýe bolan Türkiýede bu pudak “Müň bir gije”, “Fatmagüliň günäsi näme?”, “Ezel”, “Gara pul söýgi”, “Syla”, “Ýaprak dökümi”, “Aşky Memnu” ýaly seriallary bilen ýurdy ençeme million dollarlyk girdeji bilen üpjün edýär.

Türkiýe 2014-nji ýylda teleseriallardan 200 million girdeji alan bolsa, 2015-nji ýylda şol san 250 million dollara, bu ýyl bolsa rekerd derejä ýetip, 300 million dollara ýetdi.

Şu günki güne çenli daşary ýurtlara satylan takmynan 150 türk serial Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Gündogar Ýewropa, Günbatar Ýewropa, Aziýa, Amerika, Günorta Amerika ýaly ýerlerde 100-den gowrak ýurtda 500 milliondan gowrak adam tarapyndan tomaşa edilýär.


Etiketkalar: #teleserial , #serial , #Singapur , #forum

Degişli Habarlar