UEFA Ýewropa ligasynda Türkiýäniň üç topary duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Fenerbahçe futbol topary UEFA Ýewropa ligasynyň A toparyndaky 4-nji duşuşygynda Mançester Ýunaýted toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi

603701
UEFA Ýewropa ligasynda Türkiýäniň üç topary duşuşyk geçirdi

Ülker stadionynda bolan duşuşygyň 1-nji minudynda Fenerbahçe toparyndan Moussa Sow pökgini garşydaşynyň derwezesine geçirdi. Duşuşygyň 59-njy minudynda Jeremain Lensiň atan goly bilen Fenerbahçe hasaby 2-0 eden hem bolsa, duşuşyk 89-njy minutda Wayne Rooneýiň atan pökgüsi bilen 2-1 hasabynda tamam boldy.

Şeýlelik bilen Fenerbahçe öz toparynda 7 bal bilen 2-nji oruna geçdi, Mançester Ýunaýted bolsa 6 baly bilen 3-nji oruna geçdi.

Türkiýäniň Osmanlyspor topary bolsa UEFA Ýewropa ligasynyň L toparynda garşydaşynyň öýünde Ispaniýanyň Willareal toparyny 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Atiker Konýaspor bolsa Portugaliýanyň Braga komandasyna 3-1 hasabynda ýeňilip, H toparynda soňky oruna geçdi.



Degişli Habarlar