Küştüň ussatlary Türkiýede bäsleşerler

Halkara Rodostaşah Beýik ussatlar küşt bäsleşigi şu gün Tekirdagda başlar

600531
Küştüň ussatlary Türkiýede bäsleşerler

Küşt Federasiýasyndan berilen beýanata görä Beýik ussat adyna eýe bolan 10 türgen çempion adyna eýe bolmak üçin özara bäsleşerler.

Ýaryşa Türkiýä Suat Atalyk bilen Ýekaterina Atalk wekilçilik eder.

13-nji noýabrda çenli dowam etjek bäsleşige şeýle hem Serbiýadan Branko Damlžanowiç, Slowakiýadan Lubomir Ftaçnik, Germaniýadan Tomas Lýuter, Ukrainadan Witaliý Siwuk, Filippinlerden Eugenio Torre, ABŞ-dan Aleks Ýermolonskiý, Horwatiýadan Nenand Sulawa we Bolgariýadan Silwio Danailow gatnaşar.



Degişli Habarlar