53-nji Antalýa film festiwaly 16-njy oktýabrda başlaýar

Festiwalyň halkara bäsleşigine dalaşgär filmler toparynda dünýä kinosynyň iň täze we saýlama nusgalary emin agzalara hödürlener

586154
53-nji Antalýa film festiwaly 16-njy oktýabrda başlaýar

“Altyn apelsine” dalaş edýän filmler dünýäniň dürli sebitlerinden gumanizm bilen bagly köp sanly temany işleýär.

Festiwalda biri-birinden gowy 10 sany halkara film “Altyn apelsin” üçin bäsleşer.

Festiwalda iň gowy film, iň ussat režisýor, iň çeper sseneri, iň gowy saz, iň başarjaň aktrisa, iň başarjaň aktýor we emin agzalarynyň ýörite baýraklary eýelerine gowşurylar.

Baýraklaryň eýeleri iňlis režisýory Huw Hadsonyň ýolbaşçylygyndaky emin agza topary tarapyndan kesgitlener.

İň gowy film baýragyna laýyk görülen produksiýa 50 müň ýewro pul baýragy beriler.



Degişli Habarlar